Itlere eçiliň süňki, Belki, olar dalaşarlar. Kwas beriň başagyrla, Belki, olar ölüşerler. A gargalar azmaz ýaly, Garantgany dikiň güri. Aşyklar söýüşer ýaly, Beriň köpräk çola ýeri. Däne taşlaň ýere, belki, Sümmül bolup, saçar görki. Bolýar, men tabyn bolaýyn, Eçiliň siz maňa erki! Itlere berdiler süňki, Uruşmady olar ýöne. Serhoşlara arak ýetdi, Içmediler suwsap käne. Adamlar garga ürküzýär, gargalar gorkanok arman. Söýgüliler jübüt bolýar, soň aýrylsam diýýär durman. Suwardylar ýeri, emma müňlemedi ýeke däne! Maňa erki berdiler düýn, Men ony edeýin näme?!
© Ýowşan Annagurban. Translation, 2014