Öňümiz garaňky - garaş!
Gyrmyzy şapaklar bolupdyr diwar,
Garşydan ýel ösýär, çapgyn ýagyşly,
A ýollar göni däl, çarkandak hem dar.
Ol ýerde del sözler bar,
myşmyşlar bar ýakymsyz,
Hem duşulýar duşmajagňa hiç haçan,
Otlar ýanyp, sary samana dönen,
yz yzlap bilmeýär tümlüge
gaçan.
Barlagy bar berkiň: soňsuz söweşler,
hem duman, hem ýel öwüsýär aldajy.
Ýürek öz adaty heňin ýitirýär,
a soň näsaz urýar, ýylgyrdyp ajy.
Ol ýerde del sözler bar,
myşmyşlar bar ýakymsyz,
Hem duşulýar duşmajagňa hiç haçan,
Otlar ýanyp, sary samana dönen,
yz yzlap bilmeýär tümlüge
gaçan.
Ol ýerde hem sesler, hem reňkler del,
Emma men olary almadym seçip.
Men ol garaňkyda örän gerekli...
Ýeri hiç! Açylşar, hemmesi geçip!
Ol ýerde del sözler bar,
myşmyşlar bar ýakymsyz,
Hem duşulýar duşmajagňa hiç haçan,
Otlar ýanyp, sary samana dönen,
yz yzlap bilmeýär tümlüge
gaçan.
|